Türkiýäniň iň möhüm syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Kapadokýada geçirilen «Global Model Of The World and Miss Cappadocia 2022» gözellik bäsleşigi öz işini tamamlady. Bu barada degişli internet çeşmesinde habar berildi.
Bäsleşigiň direktory Ýuliýa Pawlikowa Kappadokýanyň mahabatlandyrylmagyna goşant goşmak isleýändigini aýtdy. Türkiýeden bäsleşigiň guramaçysy Serkan Çepheji: «Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi ýurdumyzyň gözel ýerlerini jahankeşdelere tanatmaga uly goşant goşýar. Bu ajaýyp agşamda, emin agzalarymyz sebitiň şeýle özüne çekiji görnüşleriniň arasynda ilkinji nobatda, täji dakynjak gözelimizi (modelimizi) kesgitlärler. Şular ýaly çäreleri maliýeleşdiren ähli syýahatçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenlerimize köp sag bolsun aýdýarys» diýip belledi.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda kanadaly model Angel Bhathal ýeňiji bolmagy başardy.
«TürkmenGazet».