22 — 27-nji iýun aralygynda Mary welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi halkymyzyň watançylyk ruhuny ýokary götermekde, taryhy ýörelgelerimizi dabaralandyrmakda belent başlangyç bolar. Gadymy Merw topragy hepdelige gatnaşyjy myhmanlary garşylaýar.
Şu ýylyň 11-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berlişi ýaly, bu medeni maksatnamanyň çäklerinde dürli çäreler, maslahatlar, sungat ussatlarynyň konserti, çeper filmleriň görkezilişi, ýurdumyzyň kino sungatynyň wekilleri bilen döredijilik duşuşyklary, Mary welaýatynyň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelençler, usulyýet okuwlary guralar. Şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Magtymguly” operasynyň görkezilişi bolar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda beýik akyldar şahyryň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralary bolar. Agzalan çäreler döredijilik bilen meşgullanýan hünärmenlere özleriniň köptaraplaýyn sungatyny has-da giňden açmaga uly mümkinçilik bagyşlar, türkmen halkynyň baý mirasyny öwrenmäge we ösdürmäge ýardam berer. Şeýle-de bu çäreler milli mirasymyzy wagyz etmekde, ýaş nesillerimiziň döredijilik ruhuny höweslendirmekde aýratyn ähmiýetlidir.
«TürkmenGazet».