Dünýäde müň adam saňa sawçysyn
Ýollan bolsa eger, däldir ol geň zat.
Ýöne şolaň arasynda biriniň
Adyna diýerler Resul Gamzat.
Eger-de ýüz adam ser-sepil bolup,
Seň yşgyňda çekýän bolsa perýady.
Geň görmegin, ýüz adamyň içinde
Resul diýseler biriniň ady.
Eger-de on adam, on sany ýürek
Seni söýýän bolsa möwç alyp, dyňzap.
Gussalaryň gazanynda gaýnaýan
Şol onuň biridir Resul Gamzat.
Söýýän bolsa seni ýekeje adam,
Diýmek, olam bu daglaryň zürýady.
Gelendir ol gaýalaryň gerşinden,
Sorasaň Resul diýerler ady.
Eger hiç kim seni söýmeýän bolsa,
Tukatlyk üstüňe abansa omzap,
Diýmek, onda dereleň bir ýerinde
Mazarda ýatandyr Resul Gamzat.
Terjime eden
Mämmet SEÝIDOW.
gurbanowaemine03@gmail.com
ajaýyp