Göwün küýsegi

Galan işe gar ýagýarmy?!

20-06-2022 / 23

Daň saz berip, nurly Güneşiň öz ýyly şöhlesini eçilip başlanam ýaňy ýalydy. Eýýäm şapak gyzaryp, iňrik garalyp barýar. Ýaňyja-da duşenbedi, eýýäm hepde soňlanyp barýar. Aýam-a ýaňy başlanypdy, indi ahyrlap barýar. Hä diýmän, bu ýylam geçip gider.
Bä-ä, wagtyň beýle çalt geçäýşini diýsene…! Aýdylyşy ýaly, durmuş uçup barýan guşuň ýa-da ylgap barýan keýigiň kölegesinde kölegelän ýalydyr.
Bu ömürde gün geçdigiçe geçmişiň bir güni artyp, geljegiň bir güni kemelýär. Öten günleri yza dolap bolmaýar. Wagtynda etmäge ýetişmedik işleriň, wysal bolmadyk maksatlaryň galandyr. Şonuň üçinem, geliň, mundan beýläk galan wagtymyzy has ýerlikli ulanmaga çalşalyň! Birsydyrgyn geçip duran günlerimize älemgoşaryň reňkleri ýaly täze öwüşginleri çaýalyň! Durmuşyň her bir pursatyna guwanyp, ownuk zatlara-da begenmegi başaralyň!
Biz üçin düýnki gün geçdi, şonuň üçin şu günümize buýsanyp ýaşalyň! “Soň ederin” diýen jümläni ulanmajak bolalyň! Dana akyldarlaryň aýdyşy ýaly, müň sany ullakan etsem-pessemden edilen ýekeje kiçijik iş müň esse gowudyr. Bu günki işiňi ertä goýsaň, “Galan işe gar ýagar” diýleni bolar. “Ýene bir gün ederin” diýeniňden “Etjek däl” diýeniň has ýagşyrakdyr. “Şu işi soň bir güne goýaýaly” diýlen gep bolsa, ýatan çöpi galdyrmaýan adamyň tapýan gürrüňidir. “Soň” diýýän kişiniň bogan sübsesi bolmaz.
Şu wagta çenli edip ýetişmedik ýa-da başarmadyk işlerimize häzir başlalyň! Biliňi berk guşap, erjellik bilen bar yhlasyňy bir ýere jemleseň, başlanan işiň bitmejek gümany ýokdur. Könelerimiziň aýdanlaryna uýsaňyz, durmuşda kynçylyga duçar bolmarsyňyz, jebir-jepalara uçramarsyňyz, Beýik Biribar sizi kösençliklere sezewar etmez.

Alparslan HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu