Täze çykan habarlara görä, soňky 30 günüň içinde iň köp ulanyjysy bolan web sahypalar yglan edildi.
Ýer ýüzünde koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendirmelerde adamlar elektron önümler hem-de internet bilen has köp gyzyklandy. Geçen ýylyň ahyrynda ählimiziň halaýan gözleg sahypamyz, dünýäde iň meşhur web sahypasy bolan «tiktok.com» bolupdy.
Durnukly ýokarlanan «TikTok», 2021-nji ýylyň soňky aýlarynda «Google» -dan öňe geçip, dünýäde iň meşhur web sahypasyna öwrüldi.
«Google» birinjiligini gaýtadan yzyna aldy
«TikTok» -yň ýeňşi uzak wagt dowam etmedi. Soňky 30 günüň içinde «Cloudfare» -iň berýän maglumatlaryna görä, «Google» ýene-de ýokarky orny eýeläpdir.
Soňky 30 günde iň köp girilen 10 web sahypasy:
• Google.com
• TikTok.com
• Facebook.com
• Microsoft.com
• Apple.com
• Amazon.com
• YouTube.com
• Netflix.com
• Instagram.com
• Mozilla.org
«TürkmenGazet».