
Älemgoşar ewkalipt agajy adaty bolmadyk agaç bolup, Gawaý adalarynda, Britaniýada, Täze Gwineýada, Indoneziýadaky Seram adalarynda duş gelýär.
Häzirki wagtda Älemgoşar ewkalipt agajyny tropiki we subtropiki ýerlerde, aýratyn-da seýilgählerde bezeg hökmünde ösdürip ýetişdirýärler. Bu täsin agajyň ylmy ady: Eucalyptus deglupta. B. Ewkalipt agajyna köp ýurtlarda diňe “Älemgoşar agajy” hem diýilýär. Bu agaç hamala suratkeş tarapyndan dürli reňkler bilen boýalan ýaly. Älemgoşar ewkalipt agajyny dürli mebelleri ýasamakda hem peýdalanýarlar. Ýasalan mebeller dürli reňde bolanlygy sebäpli olary reňklemek gerek bolmaýar.

Ewkalipt agajy her ýyl gabygynyň üstki gatlagyny lenta ýa-da bölek-bölek görnüşinde düşürýär. Janly gabygyň täze gatlagy peýda bolýar. Içki gatlaklary açyk reňklerde, ýöne gabygy agaçlaşyp başlanda goýy reňklere ýagny, goýy gyrmyzy, gök reňke öwrülýär. Agajyň ýaşyny şol düşürýän gabygynyň kömegi bilen bilip bilýärler. Agaç maý-iýun aýlarynda gülläp başlap,bu hadysa awgust aýynda tamamlanýar. Ol gülleýän döwründe üýtgeşik peýzaža eýe bolýar. Syýahatçylaryň pikiriçe, bu agaçlar ertekiler dünýäsinden alnan bir parçadyr.
Internet maglumatlary esasynda
taýýarlan Aýsülük SAPARGYLYJOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.



