Iýun aýynda Merkuriý, Wenera, Mars, Ýupiter we Saturn ählisi asmanda bir setire düzüler we şonda planetalar tertipli ýagdaýda Günüň daşynda aýlanar. Şeýle ýagdaý diňe mundan 18 ýyl öň, has takygy 2004-nji ýylda boldy. Bu barada degişli internet çeşmesinde habar berildi.
Aýyň 3-4-ne Merkuriý bilen Saturnyň arasyndaky aralyk gaty ýakynlaşar. Olary görmek üçin gündogara tarapy saýlamaly. Planetalary daňdandan ýarym sagat öň synlamak mümkin bolar. Şeýle hem 24-nji iýunda planetalaryň paradyna seretmäge wagtyňyz bolar. Merkuriý gorizontyň üstünde peýda bolan pursadyndan başlap, Gün çykýança wagtyna çenli astronomlar 1 sagat synlamagyny dowam edip biler. Gaty owadan pursady bolsa, Wenera bilen Marsyň arasynda görünýän Aýyň ýarymaý şekilidir.
Iýun aýynyň dowamynda şeýle ajaýyp tebigy hadysa Gün dogmazyndan ozal syn edip bolýar. Iň görünmesi kyn bolan planeta bolsa Merkuriýdir. Ony görmek üçin hem gorizontyň gündogar tarapy bulutsyz ýagdaýyna garaşmaly. Bir aýyň içinde planetalar beýiklige çykar we görmek ýeňilleşer. Hatda astronomlaryň pikiriçe, Uran we Neptun planetalaryny hem teleskop arkaly belli günlerde görüp bolar.
Aýsülük SAPARGYLYJOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyñ mugallymy.