
- Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar sebitine toý saparynyň barşynda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardy.
Döwlet Baştutanymyzy bu ýerde toý şowhuny bilen baýramçylyk ruhunda garşy aldylar. Ýaýbaňlandyrylan döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlarynyň ählisi halkymyzyň ýürek sözi, bagtyýar durmuşyna minnetdarlygy bolup ýaňlandy. Medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryny hem-de ýörite taýýarlanan sergini synlanyndan soňra hormatly Prezidentimiz “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasy mynasybetli maslahat geçiriljek bina bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi we “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň ähmiýeti bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.
“Gadyn” gaz käninde gurlan gaz ýygnaýjy beket ýangyn howpsuzlyk, gazdan halas ediji, suw üpjünçilik binalary we kömekçi desgalar bilen edilipdir. Umumy meýdany 38,0 ga barabar bolan bu gaz ýygnaýjy bekedi 200-e golaý iş orunlaryny döretmekde, daşary ýurtlara eksporta ugradylýan gazyň mukdaryny artdyrmakda möhüm orna eýe bolar.<span;>Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar sebitine toý saparynyň barşynda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardy.Döwlet Baştutanymyzy bu ýerde toý şowhuny bilen baýramçylyk ruhunda garşy aldylar. Ýaýbaňlandyrylan döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlarynyň ählisi halkymyzyň ýürek sözi, bagtyýar durmuşyna minnetdarlygy bolup ýaňlandy. Medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryny hem-de ýörite taýýarlanan sergini synlanyndan soňra hormatly Prezidentimiz “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasy mynasybetli maslahat geçiriljek bina bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi we “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň ähmiýeti bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.
“Gadyn” gaz käninde gurlan gaz ýygnaýjy beket ýangyn howpsuzlyk, gazdan halas ediji, suw üpjünçilik binalary we kömekçi desgalar bilen edilipdir. Umumy meýdany 38,0 ga barabar bolan bu gaz ýygnaýjy bekedi 200-e golaý iş orunlaryny döretmekde, daşary ýurtlara eksporta ugradylýan gazyň mukdaryny artdyrmakda möhüm orna eýe bolar.



