17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Mary welaýatyna toý saparynyň çäklerinde Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky 3 müň orunlyk köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu binanyň düýbi tutuldy.
Hormatly Prezidentimiz täze binada köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmek üçin döredilen mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdy. «Ak täjirçilik merkezi» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan täze bina milli gurluşyk senagatymyzyň häzirki zaman tejribelerini özünde jemleýär. Tanyşlygyň dowamynda dutarçy bagşy-sazandalar joşgunly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Arkadagly Serdarymyz bina üçin täze awtoulaglary sowgat berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde haj zyýaratyny berjaý etmegi bilen bagly toý sadakasyny berdi.
«TürkmenGazet».