17-nji iýunda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda önümçilik maksatly täze desganyň açylyş dabarasy boldy.
«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Ýolöten nebit önümleri kärhanasynyň täze açylan bu döwrebap desgasyny «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Mary welaýat bölüminiň gurluşykçylary bina etdiler. Bu ýerde ýerleşdirilen 31 sany çelek 14 müň 900 kub metr ýangyjy saklamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da täze binada birbada 8 sany awtoulaga ýangyç guýmaga mümkinçiligi bolan estakada gurlupdyr. Şeýle-de 26 sany awtoulaga niýetlenilen ulagjaý göz öňünde tutulypdyr. Täze gurlan nebit önümleri kärhanasyna Soltanbent menzilinden demir ýol şahasy hem çekilipdir. Bu ýerde birbada 10 sany demir ýol çelegini kabul edip bilýän guýujy estakada gurlupdyr. Ýangyn howpunyň öňüni almak bilen baglanyşykly Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň ýöriteleşdirilen binasy bolup, ol iki sany ýangyn söndüriji awtoulaga niýetlenendir. Şeýle-de 2 sany ýangyna garşy suw howzy göz öňünde tutulypdyr.
«TürkmenGazet».