OÝUN
Bir nokada gözüm dikip otursam,
Ýene hakydama gelýär syratyň.
Seniň gapdalyňda men-ä ýok welin,
Maňa nädip düşüpdir seň suratyň.
Geň galýan, belki-de ýadygär diýip
Suratlarmyň arasyna salansyň.
Ynansaň men henizlerem gözleýän,
Gizlenpeçek oýnan çagymyz
Seň gizlenen ýeriňden.
Gündeligme gül çekipdiň, häzirem
Olar çyn bägül deý otyr açylyp.
Çünki men olary her gün suwarýan.
Damjalarmy ýagyş deýin gaçyryp.
Görsene bu zatlar hakyky ýaly
Suratyňa näçe bakýan ýadaman.
Keşpler çarçuwada galýar ömürlik,
A adam…
***
Alladan dilänim alnymdan çykyp,
Meni bagta sary iterip barýar.
Ol meni: «Namysym, mertebäm!» diýip,
Golunda tug deýin göterip barýar.
Gözlerini görejime dikende,
Ady maňlaýyma ýazylyp gitsin.
Ol — şa, menem — elindäki tug bolup,
Ömürlik parlamak miýesser etsin…
***
SEN EKENIŇ
Gözleňden nämedir bir zat gözleýän
Ýöne meň gözlegim sygmaz göwrüme
Şowsuz günlerimi arşa göteren
Gözleriň şowlulyk geti:r ömrüme.
Çalynmadyk sazlarymyň notasy
Sen ekeniň aýdylmadyk sözlerim.
Hakydaňa ýerleşdiren keşbimi
Aýna bakyp gözleriňden gözlegin.
Sen ekeniň sensizligi kör edip,
Maňa uly umyt bolup dolanan.
Hemem yşgyň alawyny köredip,
Meni garşy aldyň durmuşym bilen.
Sen ekeniň näme gazanan bolsam,
Şolaň ählisinden beýik utuşym.
Wiý, belki-de özüň bilýänem dälsiň,
Ýaraýar maňa.
Adymy üýtgeşik edip tutuşyň.
***
NIRÄ BARÝAN
Ellerimi saýawana öwürip,
Güneşden goranjak bolýaryn emma,
Meniň bu bolşuma ýaýkap başyny
Asmanda bulutlar haýdaşyp barýar.
Howada guşlaryň gaýýan sesleri,
Neçüýn gamgyn aýdym bolup eşdilýär?
Gözlermiň garasy agynda doňan,
Göreçlerim her kes üçin neşter däl.
Ýöne ol aňlanlar üçin alawdyr.
Goý, onuň oduna ýansyn kirpiklem.
Arzuwlarym haýsy ýola äkider?
Uzak wagt dymmak gowy däl beýdip.
Gözlerimi ýummaga-da gorkýaryn,
Soň başga bir ýerde oýanaryn öýdüp.
Gülnar GELDIMYRADOWA.