Türkmeniň bereketli saçagyna aýratyn bezeg berip, milli tagamymyz bolan palawyň döreýşi dogrusynda dürli hili garaýyşlar bar.
Käbir alymlaryň çaklamagyna görä, palawyň taýýarlanyş usuly biziň eýýamymyzyň öňki II-III asyrlarda Merkezi Aziýada we Hindistan ýarym adalarynda döräpdir diýlip belleýärler. Şol döwürlerde Merkezi Aziýada bürünç ýetişdirmek has işjeň häsiýete eýe bolupdyr. Gadymy döwürlerde Hindistan ýarym adalarynda bürünji gaýnatmak we demlemek usullary ulanylyp başlapdyr. Ondan soňky döwürlerde pars ýurtlarynda oňa käşir we başga önümler goşulyp taýýarlanypdyr. Ine, şol döwürler hem palaw taýýarlamak has işjeň häsiýete eýe bolupdyr. Palaw tagamy häzirki wagtda hem Merkezi Aziýa, Kawkaz we Türkiýe döwletleri ýaly ýerlerde öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Ýewropa ýurtlaryna palaw hakynda ilkinji maglumatlar XVII asyrlaryň ahyrynda baryp ýetipdir. Türkiýe goýberilen fransuz ilçileri öz ýurtlaryna gidenlerinde palawyň taýýarlanylyşy dogrusynda gyzyklanyp, ol baradaky maglumatlary öz ýurduna alyp gidýärler. Şeýlelikde, bu tagam Ýewropada hem adygyp ugraýar. Palaw taýýarlanyş usullary boýunça birnäçe görnüşlere eýedir. Olar: pars palawy, mäşli palaw, behili palaw, gowurma palaw, sarymsakly palaw, towuk etli palaw, balyk palaw we ýenede birnäçe görnüşleri bar.
Palaw türkmen saçagynyň iň bir naýbaşy naharlarynyň biridir. «Türkmen palawy» ady bilen adygan bu tagamyň ýurdumyzda özboluşly taýýarlanyş usuly, däbi bar. Tagamyň halkymyzyň durmuşynda asyrlarboýy öz milli aýratynlygyny ýitirmän gelýändigini halk döredijiligimizde aýratyn ähmiýet berilýän palaw tansy, şeýle-de ýazyjydyr şahyrlarymyzyň bu tagama bagyşlan çeper eserleri, goşgulary görkezýär. «Müň bir gije» eserinde we IX-X asyrlaryň golýazmalarynda palaw we onuň taýýarlanyşy dogrusynda anyk subutnamalar saklanýar. Bu bolsa palawyň taryhynyň irki döwürlerden gözbaş alýan islendik tagamy tagamly edip taýýarlamakda, goşulýan azyklar bilen birlikde aşpeziň nahara bolan ýürek yhlasyny siňdirmegi zerur hasaplanýar.
Jumanazar ÝAGŞYÝEW,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.