Bilşimiz ýaly sport oýunlarynyň görnüşleri sanardan kän. Olaryň her biriniň gelip çykyş taryhy bar. Geliň, olaryň käbirileri bilen tanyş bolalyň.
Bouling. Boulingiň öz taryhyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Onuň taryhyna degişli maglumatlar biziň eýýamymyzdan öňki 5200-nji ýyllara degişli bolupdyr we ol tapyndylar Gadymy Müsür gazyndylarynda ýüze çykarylypdyr. 1875-nji ýylda ilkinji bouling Milli Assosasiýasy esaslandyrylýar.
Bilýard. Bilýard oýnunyň haçan we nirede döränligi barada anyk maglumatlar ýok. Ýöne käbir çaklamalara görä Hindi-Hytaý bilýardyň watany hasaplanýar. Genuez täjirleri XV asyrda bu oýny Ýewropa getiripdirler we Lionda fransuz Etýen Liazon ilkinji gezek bu oýnuň düzgünlerini kesgitläpdir. Russiýa bolsa bu oýny Pýotr I getirýär diýen maglumatlar bar.
Gimnastika. “Gimnastika” grek sözünden gelip çykyp, ol b.e. öň VIII asyrda döräpdir. Gadymy ellinler beden maşklaryny özleriniň ýörite “gimnasiýa’ diýlip atlandyrylýan jaýlarynda geçipdirler. Olar ýaryşa taýýarlyk maşklaryny “gimnastika” diýip atlandyrypdyrlar. Gimnastikanyň ösüş ugry XIX asyrda üç ugra bölünipdir. Olar gigiýeniki gimnastika, atletiki gimnastika, amaly gimnastika.
Küşt. Taryhy maglumatlara salgylansak küşt oýny mundan 2000 ýyl öň Hindistanda döräpdir. Küşti ilki şalar oýnapdyr we soňra ony kem-kemden beýlekilerem oýnap bilipdir. Onuň gelip çykyş taryhy barada giňişleýin maglumatlar Al-Birunynyň “Hindistan” diýlip atlandyrylýan kitabynda birnäçe rowaýatlaryň üsti bilen getirilýär.
Futzal. Ilkinji gezek futzala meňzeş oýun 1920-nji ýylda Braziliýaly futbolçylar tarapyndan oýnalyp başlanypdyr. Futzal 1970-nji ýyldan başlap sport görnüşi hökmünde giňden ýaýrap başlaýar. Italiýanyň we Liwiýanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasynda 1974-nji ýylyň 19-njy iýununda ilkinji gezek halkara oýun geçirilýär.
Rahmet BEŞIMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.