Çjanýe Dank relýefiniň reňkli gaýalary Hytaýyň Gansu welaýatynyň Geologiýa seýilgähinde ýerleşýär. Bu gaýalaryň emele gelmegi geomorfologiýanyň özboluşly görnüşi bolup, bu reňli gaýalar diňe Hytaýda duş gelýär.
Olar gyzyl çäge daşlaryndan ybaratdyr. Geologiki gözlegleriň netijesinde geologlar, takmynan 100 ýyl ozal bu ýerde ullakan suw akabasynyň bolandygyny belleýärler. Şol ýerde soňra klimatyň üýtgemegi bilen, ýagny ýokary temperaturanyň netijesinde suw akabasy guraýar we bu şol gurak şertlerde çökündiler okislenip, dürli reňkleri, esasanam, posuň reňkini emele getirdi.
Takmynan, 70 ýyl ozal hek ýatagy diýip atlandyrylan bu ýerde çuň gyzyl gatlak emele geldi. Bu relýefiň reňkli gaýalary Hytaýyň Çjanýe şäherinde meşhur syýahatçylyk ýerine öwrüldi. Bu ýere gelýänleri ajaýyp gaýalary öwrenmäge we synlamaga höweslendirmek üçin ýörite ýollar we tagtadan ýodajyklar guruldy.
Bütindünýä miras Guramasy 2010-njy ýylyň 1-nji awgustynda Braziliýanyň paýtagtynda geçirilen 34-nji mejlisinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Merjen GUWANJOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.