Eger-de öýde gap-çanaklar döwüläýen ýagdaýynda, uly aýna böleklerini elimiz bilen ýygnaýarys. Ýöne ownuk böleklerini ýygnamaklyk biraz wagtymyzy alyp biler. Gije adamlaryň ýatan wagtynda tozan sorujyny işletmeklik olary biynjalyk edip biler. Gözümiz bilen görüp bilmeýän ownuk aýna böleklerimizi ýygnamak üçin sabyn ajaýyp serişdedir. Sabyny biraz suwa degirip, ownuk aýna böleklerini ýygnap bilersiňiz!
Her gezek otagyňyzy ýa-da haýsydyr bir gapyny açanyňyzda we ýapanyňyzda ses edýän bolsa, onda çözüw ýene-de sabynda. Gapy sesini aýyrmak üçin sabyn ulanmak iň peýdaly çözgütleriň biri hasaplanýar.
Howanyň aşa gyzýan şu günlerinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin dakynýan günlük äýnekleriňiziň dumanly bolmazlygyny isleseňiz, ilki bilen äýnegiňizi gyzgyn suwuň aşagynda gowy edip ýuwuň. Unutmaň suwuň gyzgyn bolmagy örän möhümdir. Soňra çygly barmaklaryňyzyň ujundan birnäçe damja sabyny äýnegiňize sürtüň. Ahyrynda bolsa äýnegiňizi arassa mata bilen arassalap, Günüň lezzetini alyň!
Aýläle ÝOLDAŞOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.