ReportažSlider

«ÝEDIDOGAN NUR» — önümleriň daşky bezegi

16-06-2022 / 11

«Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti 2014-nji ýylda esaslandyryldy. Ol polipropilenden çeýe gaplama örtükleriniň ýüzüne rotograwýur usuly bilen çap etmek görnüşindäki önümçilik işine 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyñ Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagynda gurlan önümçilik binasynda başlady.

Önümçilikde dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän enjamlar ulanylyp, ýokary we ýörite bilimli hünärmenleriň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda iş alnyp barylýar. Bu ýerde öndürilýän önümleriň çig malynyñ esasy bölegi öz ýurdumyzda öndürilýär. Has dogrusy, öndürilýän önümleriň milli önümlerimizdigini aýratyn bellemelidiris.

Gaplamalar süýji, şokolad, burç ýaly azyk harytlary, gazly we gazly däl içgiler, gigiýeniki arassalaýyş serişdeleri hem-de beýleki azyk däl harytlar üçin niýetlenendir. Esasy aýratynlygy, polipropilen materialy dürli mikroorganizmlerden, kombinirlenen görnüşinde bolsa, dürli yslardan we zyýanly şöhlelerden gorap bilýänligidir. Bu bolsa harydyň hilini saklaýar we ulanylyş möhletini uzaldýar. Çeýe gaplama örtükleri türkmen telekeçileri tarapyndan giňden peýdalanylýar. Ähli iýmitlik we iýmitlik däl önümleriň gaplamalary üçin daşky belliknamasyny (etiketkasyny) öndürýär. Telekeçileriň öz islegine görä reňk hem-de dizaýn aýratynlygy ulanylýar. Ýene-de bir aýratynlygy bolsa «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti dizaýn işleri bilen hem müşderilere öz hyzmatyny hödürleýär. Eger-de müşderi dizaýny tassyklasa, kombinirlenen hem rulonlaýyn görnüşinde hödürlenilýär.

Şeýle-de bu ýerde işgärleriň iş tejribesini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze tehnologiýalardan peýdalanmak üçin okuw sapaklar geçirilýär. Munuň özi bolsa birnäçe täze görnüşli harytlary öndürmek üçin oňyn  tejribe bolup durýar.

Häzirki wagtda öndürilýän täze harytlar: «Salkyn», «Kenek» önümleriniň gaplary, «Buzly dag» gazly içgileriniň belliknamalary (etiketkalary), «Bal şeker» kärhanasynda öndüriljek täze 3 sany önümiň gaplamalary. Geljekde bu kärhananyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan daşy aýlawly süýjüleri öndürmeklik hem meýilleşdirilýär.

«Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti rotograwýur usulynda çap etmek, laminasiýa esasynda kombinirleme, rulonlaýyn kesme hem-de sarama ýaly hyzmatlary telekeçilere hödürleýärler.

Hasaplaşyklar nagt hem-de nagt däl görnüşlerde amala aşyrylýar.

Öndürilýän önümleri «milli_gap»  instagram sahypasyndan görüp bilersiňiz!

Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu