14-nji iýunda ýaşlar bilen geçirilen maslahatyň dowamynda örän möhüm ähmiýetli, ýaşlar hakynda Kanunyň taslamasyna seredildi.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 35-nji maddasynyň 6-njy bendinden soň, 7-nji bendi goşmak, ýagny bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň 1-nji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, 2-nji we 3-nji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemeginiň tertibini kesgitlemek teklip edildi. Şeýle-de bu Kanunyň 20-nji maddasynyň 13-nji bendinden soň 14-nji bendi goşmak, ýagny ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, orta mekdebi tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek meselesiniň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.
«TürkmenGazet».