14-nji iýunda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasynyň 16-njy bendinden soň, 17-nji bendi goşmagyň, ýagny Garaşsyz Watanymyza beýik söýgini, milli buýsanjy terbiýeleýän, milli ýörelgelerimize laýyk gelýän, bilim berijilik häsiýetli wagyz-nesihat işleriniň geriminiň giňeldilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle-de Kanunyň 23-nji maddasynyň 2-nji böleginden soň, 3-nji bölegi goşmak, ýagny ekologik taslamalary durmuşa geçirmäge we taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemäge ýaşlaryň gatnaşmagyny goldamak, içerki syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek arkaly, ýaşlarda taryhy we medeni mirasa, daşky gurşawy goramaga bolan gyzyklanmany höweslendirmek bilen bagly goşmaçalar girizilse, ýerlikli bolar.
Şeýle-de bu Kanunyň 7-nji maddasynyň 6-njy bendinden soň, 7-nji bendi döredip, oňa ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly adamlar bolup ýetişmeklerini, ösen tehnologiýalardan baş çykarmaklaryny, milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmeklerini gazanmak, ýaşlara halkara ölçeglere laýyk gelýän goldaw bermegiň döwlet guralyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýaşlar syýasaty babatdaky ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ygtyýarlyklaryna geçirmek meselesini öwrenmek babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine teklipleri hödürlemek maksadalaýyk bolar.
«TürkmenGazet».