Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýrana ilkinji gezek resmi sapar bilen bardy

15-06-2022 / 14

14-nji iýunda Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Ser­dar Berdimuhamedow res­mi sa­par bi­len Eý­ran Yslam Res­pub­li­ka­sy­na ug­ra­dy.

Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýur­du­my­zyň res­mi adam­la­ry ug­rat­dy­lar. Bir sa­gat­dan gow­rak wagt­dan soň­ra, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň uça­ry iki dost­luk­ly ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry bi­len be­ze­len Täh­ra­nyň “Meh­ra­bad” Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gon­dy. Bu ýer­de be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň res­mi adam­la­ry hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aw­to­mo­bil ker­we­ni ho­wa men­zi­lin­den “Saa­da­bad” köşk­ler top­lu­my­nyň “Ser­wes­tan” bi­na­syn­da­ky sa­par wag­tyn­da özi üçin ni­ýet­le­nen ka­bul­ha­na ug­ra­dy. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň döw­let Baş­tu­ta­ny hök­mün­de il­kin­ji res­mi sa­par­la­ry­nyň bi­ri­ni Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşyr­ma­gy ýa­kyn goň­şy döw­let­ler bi­len giň ge­rim­li gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ug­ry bol­ma­gyn­da gal­ýan­dy­gy­ny hem-de döw­le­ti­mi­ziň äh­lu­mu­my bäh­bit­le­re ky­bap gel­ýän hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýo­ly bi­len üs­tün­lik­li öňe bar­ýan­dy­gy­ny su­but ed­ýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu