Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň medeniýet öýüniň öňündäki dabaralar meýdançasynda «Ýaňlan, Diýarym! — 2022» atly telebäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen telebäsleşigiň bu tapgyryna welaýatyň şäherdir etraplaryndan höwesjeň aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy.
Ýaşlaryň özboluşly sungat baýramçylygyna öwrülen «Ýaňlan, Diýarym! — 2022» atly telebäsleşigiň welaýat tapgyrynda Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy, höwesjeň aýdymçy Ýagşygül Muhammedowa hem-de Ak bugdaý etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy, höwesjeň aýdymçy Batyr Şalarow ýeňiji bolup, bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
«TürkmenGazet».