SliderŽurnalistiň sahypasy

Eýranda dynç almak isleýärsiňizmi?

14-06-2022 / 15

Tähran – Eýranyň paýtagty bolup, ol häzirki zaman metropolisli, şowhunly şäherdir. Paýtagt şäherde seýilgähler we muzeýler bolup, olar diňe bir Eýranyň taryhy, medeni hem-de etnik dürlüligi bilen däl-de, eýsem, dynç alşyňyzy täze bilimler, ajaýyp taryhy wakalar bilen dolduryp biler.

Eýranyň iň gözel ýerlerinden biri bolan orta asyr paýtagty — Yspyhan şäheri özboluşly binagärçiligi bilen görenleri haýrana galdyrýar. Şäherde ýerleşýän köşkler, metjitler we köprüler Eýranyň medeni ösüşiniň ýokary derejesiniň görkezijisidir.

Ýurduň iň täsin taraplarynyň biri-de, territoriýasynyň birnäçe howa zolaklardan durýandygydyr. Ýumşak subtropiki howa apreliň ortalaryndan başlap, oktýabryň soňuna çenli Eýranyň demirgazyk bölegine dynç almaga gelýän syýahatçylar üçin amatly hasaplanýar.

Hazar deňziniň kenaryndan günbatardan gündogara uzalyp gidýän, ýaz we tomus aýlarynda Demawand we Sebelan belentlikleri, Elburz dag gerşi syýahat muşdaklary üçin özüne çekiji hasaplanýar. Bu ýere gezelenje gelýän kenarsöýüjiler Pars aýlagynyň iň oňat kenarlaryny öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri taparlar.

Eýranda deňiz kenarlaryndaky dynç alyşlar dürli-dürlidir. Eýranyň demirgazyk böleginde ýerleşýän kenary Hazar deňzi ýuwýandyr. Bu ýerdäki kenarýaka zolaklar, esasan sary çägelidir. Infrastruktura taýdan amatly myhmanhanalara baý däldir. Ajaýyp mikroklimata baý bolan Elburzyň demirgazyk eňňitleri ýakymly howasy bilen jana şypa berýär.

Erkin ykdysady zolaklaryň ýerleşýän adalary bolan — Kiş we Keşm adalaryny aýratyn bellemek zerur. Kiş adasy Eýranyň beýleki bölekleri bilen deňeşdirilende ösen infrastrukturasy bilen häzirki wagtda deňiz kenarynda dynç alyş zolagy hökmünde ösmegini dowam edýär.

Eýranda diňe bir kenarda dynç almak bilen çäklenmeli däl. Jahankeşdeler dynç alyşlarynyň çäklerinde Keşm adasynyň Mangrowe tokaýlaryna eko-gezelençleri hem guraýarlar. Mangrowe tokaýlary göçüp barýan guşlar üçin duralga ýeri hasaplanýar. Keşm adasynda dynç alýan syýahatçylar gülgüne reňkli flamingolary (durnalary) synlamak üçin mümkinçilik tapýarlar. Mundan başga-da, bu ada taryhy we medeni gözel ýerlere baý bolup, adada Portugaliýa galasy we birnäçe metjitler gurulypdyr.

Ýene-de bellemeli zatlaryň biri-de, bu ýere gezelenç üçin barýan syýahatçylar Bandar Abbas portunyň gündogar bölegindäki Minab, Sirik, Jask, Çabahar şäherlerinde elýeterli myhmanhanalary tapyp bilerler.

Eger-de siz hem şu dynç alyşda Eýranda dynç almak üçin bäş ýyldyzly myhmanhana saýlasaňyz, onuň bahasy 80 dollardan 110 dollar aralygyna çenli bolar. Dört ýyldyzly myhmanhanada dynç alyşyň bahasy bolsa 30 dollardan 60 dollar aralygynda, üç ýyldyzly myhmanhanada dynç almak üçin 20-30 dollar aralygynda bolar.

Taýýarlan: Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu