SliderŽurnalistiň sahypasy

«Gelin ýöreýşi ýa-da Myrat haýran» sazy

Bir sazyň taryhy

11-06-2022 / 25

Döwürleriň birinde bir sazanda her gün belli bir wagtda üç ogluna saz çalmagy, aýdym aýtmagy öwredýär ekeni. Gyzlarynyň biri, haçan-da, kakasy oglan doganlaryna saz öwredip başlan wagty çaý-suwlaryna seredip, olaryň gerek zatlaryny getirip berýär ekeni. Özem her gezek kakasy saz çalan wagtynda dutar çalmagy hem-de şol çalynýan sazyň bir ýerini öwrenýär ekeni. Ol gyz özüniň aýdym-saza bolan höwesini kakasyna-da, doganlaryna-da bildirmän gezipdir.

Aýlar aýlanyp, günler geçýär. «Iki aýakly iki günde» diýenleri. Ýaňky hiç kime bildirmän dutaryň jadylaýjy owazyna maýyl bolup ýören gyz ýetişip, durmuş gurmak ýaşyna barýar. Bu gyza obanyň belli baýy Myrat baý üçin, özem ikinji aýaly bolmak üçin gudaçylyga gelýärler. Şeýdibem ýaňky gyz Myrat baýyň ikinji aýaly bolup geziberýär. Myrat baýyň täze gelni «Elinden dür dökülýär» diýilýänlerden bolup çykýar.

Günleriň birinde Myrat baý kerpiç jaýynyň güneşinde çaý içip otyrka, täze gelniniň küýzesini alyp suwa tarap barýanyny görýär. Ol täze gelniniň gelin-gyzlaryň dakynýan şaý-seplerini dakynyp şaňňyrdap, seýkin basyp ýöreýşini synlap, guwanýar-da, bu pursaty saza geçirmekçi bolýar. Myrat baý sazdan gowy başy çykýan adam ekeni. Ol öýden dutaryny alyp, gelniniň ýaňky ýörişini taryplap, ajaýyp bir saz çalýar. Öz çalýan sazyndan özi lezzet alyp, oturan baý gelniniň ýanyna gelip, saz diňläp duranyny hem duýmaýar. Saz tamamlanýar. Täze dörän sazyň özüne maýyl ediji owazyndan ep-esli wagtdan soň özüne gelen baý gelniniň özüne mähir bilen seredip duranyny görýär. Şonda gelin:

— Baý aga, örän ajap çaldyňyz. Bu sazyň ady näme bolmaly — diýip, soraýar. Onda Myrat baý:

— Bu saz sen ýaňy suwa gideniňde döredi. Heniz muňa at dakamok, ýöne bu saza «Gelin ýöreýşi» diýip at goýaýmasam — diýipdir. Onda gelin:

— Baý aga, rugsat berseňiz menem siziň dutaryňyzda bir saz çalaýaýyn — diýip, ýüzlenýär.

Şu pursat göwni guş bolup ganat gerýän baý: «Bolar» diýip, razylyk berýär. Öňdenem dutar çalmaga werdiş bolan gelin baýyň ýaňky döreden sazyny özündenem süýji, tagamly edip çalyp berýär. Saz tamamlanýar. Myrat baý:

— Haý, gelin! Men bu sazy döredenimde seniň ýöreýşiňi, daş-töwerege berýän görküni, şaý-sepleriň şaňňyrdy seslerini taryplap, «Gelin ýöreýşi» adyny berdim. Seniň dutarda saz çalşyň meni gaty haýran galdyrdy. Şonuň üçinem bu sazyň adyna «Myrat haýran» goýaýaly — diýip ýüzlenipdir.

Ine, şeýdibem şol wakadan bärem il içinde «Gelin ýöreýşi ýa-da Myrat haýran» sazy ýaňlanyp, hezil berip ýör…

Abadan AMANGELDIÝEWA,
Halaç etrabynyň Garabekewül şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu