PsihologiýaSlider

Ýatkeşligi ösdürmegiň 7 usuly

10-06-2022 / 96

Şekilleri, sesleri, maglumatlary, iň ownujak zatlary ýatda saklamak özboluşly ukypdyr. Ýaşyň geçmegi bilen, ýatkeşligiň ýuwaş-ýuwaşdan ýitip gitmegi tebigy hadysadyr.

Muňa garamazdan, ýatkeşligi saklamak ýa-da ony ösdürmek her bir adamyň özüne bagly bolup biler. Ýatkeşligi ösdürmek üçin diňe akyl maşklaryny ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, ondan daşary beýnini iýmit önümleriniň düzüminde bar bolan witaminler bilen iýmitlendirmek, şeýle hem stresslerden uzakda saklamak zerurdyr. Umuman aýdylanda, bulardan başga-da, ýatkeşligi ösdürmegiň 7 usuly has peýdalydyr.

1.Zyýanly endiklerden daşda durmak.

2.Mümkinçiligi bolsa gaharlanmazlyk.

Stress täsirleri täze maglumatlaryň ýatda saklanmagyna böwet bolýar we beýnidäki öýjükleri ýok edýär. Şonuň üçin aladany azaltmak we depressiýadan dynmak, diňe bir ýadyň ösmegi üçin däl, umuman adam saglygy üçin möhümdir.

3.Fiziki işjeňligi artdyrmak.

Sport bilen meşgullanyp, bedeni kislorod bilen doldurmak beýniniň işjeňligine oňyn täsir edýär we gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar.

4.Akyl oýunlaryny yzygiderli ýerine ýetirmek.

Mysal üçin, krosswordlary, logiki meseleleri çözmek, küşt oýnuny oýnamak, daşary ýurt dillerini öwrenmek.

5.Her gün az-azdan goşgy ýat tutmak.

6.Yzygiderli gaýtalanýan gündelik durmuşyňyzda duş gelýän her bir zady ýadyňa salmak. Mysal üçin, işden ýa-da okuwdan gelýän halatyňda duş gelýän, köçäniň, duralganyň, dükanlaryň atlary we ş.m.

7.Soňky usul bolsa ünsli bolmakdyr.

Serdar SOPYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu