Öz bilimiň üstüne hiç zat goşant goşmadyk sagadyňy ýa-da günüňi bagtsyz hasap et.
Ýan Komenski.
Wagt — bu bizdäki iň arzan we şol wagtyň özünde hem iň gymmatly zatdyr.
Ýan Gaýinis.
Haçan-da, çagalar matematikanyň beýleki ylymlar bilen baglanyşyklydygyny görenden soň matematika janlanar, kyn görülýän dersden bilim pudagyna öwrüler.
Nadežda Krupskaýa.
Bilim şeýle gymmatly baýlyk bolany üçin ony çem gelen kişiden öwrenmegiň hiç hili aýby ýok.
Abul Faraj.
Eger men okuwy täzeden başlamaly bolan bolsam, onda Platonyň maslahatyna eýerip, birinji bilen matematikany öwrenerdim.
Galileo Galileý.
Eger biz hakykatdan hem bir zady bilýän bolsak, onda ony matematikany öwrenmek bilen bilýändiris.
Pýer Gassendi.
Matematika senetçiligi ýeňilleşdirýän adamlaryň zähmetini azaldýan gural bolup hyzmat edýär.
Rene Dekart.
Göwher ÖWLIÝAKULIÝEWA,
Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.