Göwün küýsegi

Ýoda serediñ!

(tymsal)

09-06-2022 / 21

Gije ok geçmez jeňňel diýilýän gür tokaýda azaşan iki sany adam barada eşidipdim. Ol juda howply tokaýmyşyn: ýyrtyjy, ýabany haýwanlaryň mesgeni, özi-de gözedürtme tümlükmişin. Olaryň biri akyldarmyşyn, beýlekisi, müňkürmişin.
Birden gök gübürdäp, ýyldyrym çakypdyr. Şonda müňkür asmana, akyldar bolsa ýagty düşen ýoda seredipdir. Müňkür ýyldyryma bakyp, dowla düşüpdir: «Bu näme boldugyka, eý Hudaý?» diýip, ol ýodany ýitiripdir.
Siz hem bu wakadaky ýaly eger tokaýdaky gür jeňňelde azaşsaňyz, şonda megerem ýyldyrym çakar, şol pursat ýoda serediň!

Taýýarlan Maýsa ÖWEZOWA,
Türkmenabat şäheriniň 8-nji orta mekdebiniň 1-nji derejeli başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu