Siziň üçin...Slider

Kesewiň iki bolsa…

Mahmyt Zamahşarynyň «Ýagşyzadalaryň bahary» kitabyndan

09-06-2022 / 14

Gadym zamanlarda bir eneli-gyz bar eken, ol gyz enesini biçak gowy görýän eken. Gyzy ýetişensoň, enesi ony durmuşa çykaranmyş. Haçan-da, gyzyny gaýtarjak bolanda, onuň üst-başyny, gap-çanagyny ýerbe-ýer edipdir, mahlasy göwni küýsän zadyny beripdir-de:

— Gyzym, ýene näme gerek zadyň bar? — diýip sorapdyr.

Gyzy nägilelik bilen:

— Şemal bolanda serpigi ýapar ýaly bir syrygam beräýmediň — diýipdir.

Şondan soň il içinde: «Kesewiň iki bolsa, gyzyň birini alar» diýen aýtgy döräpdir.

* * *

Bir patyşa wezirinden:

— Bendäniň haýsy häsiýeti ony ekläp biler? — diýip soranda, wezir:

— Onuň akyly — diýýär.

— Eger akyly bolmasa näme?

— Edep-ekramy, ugurtapyjylygy.

— Bu diýýänleriň hem bolmasa näme?

— Onda ony gara güýji eklär — diýýär.

Patyşa:

— Eger onuň gara güýji hem bolmasa näme? — diýip soranda, wezir:

— Onda ol adamyň bu dünýäde ýaşamagynyň hajaty hem ýokdur — diýýär.

* * *

Bir adam Hezreti Alynyň öýüniň gapysyny kakyp dileg edýär. Hezreti Aly ýanynda oýnap ýören iki ogluna:

— Baryň, ejeňizdäki alty dirhemi getiriň — diýýär.

Hezreti Alynyň sözlerini eşiden Patma:

— Ol puly un satyn almak üçin goýduk ahyryn — diýýär.

Hezreti Aly:

— Allatagalanyň çäksiz baýlygyndan umyt etmän, sadaka çykarmaýan adamyň imany güýçsüz bolýandyr — diýýär we alty dirhemi-de dileg bilen gelen adama berip goýberýär.

Şol gün bir adam düýe satmak üçin Hezreti Alynyň ýanyna gelýär. Hezreti Aly onuň düýesini bir ýüz kyrk dirhem berip satyn alýar we şol günüň özünde hyrydar tapyp, satyn alan düýesini iki ýüz dirheme satýar. Ol gazanan altmyş dirhemini Patma eltip berýär. Patma Hezreti Alydan:

— Bu näme? — diýip soraýar.

Onda Hezreti Aly:

— Bu Allatagalanyň seniň kakaňa beren sözi, ýagny kimde-kim gowy, haýyr iş etse, oňa şol eden haýyr işi üçin on esse ýa-da şonuň ýaly haýyr gaýdyp gelýändir — diýýär.

Taýýarlan Laçyn BERDIÝEWA,

Türkmenabat şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu