Göwün küýsegiSlider

Ýüregimi ikä böldüm, bir taýy…

Ýaş şahyr Aýjahan Annabaýewanyň döredijiliginde näzik gyz duýgylary inçeden beýan edilýär

08-06-2022 / 29

ÇÄRESIZ GYZA
Bu gün ýyldyryma aslyşyp gitdi
Ykbalyňda çyndyr diýen çaklamaň.
Tolkunly derýany içiňe salma:n,
Akdyrasyň gelýär, emma saklaýaň.

Alajyň bar, ele alyp syýaňy
Nama göndermeli, okar kimde-kim.
Ýöne indi nama ýazyp ýadadyň,
Bolşuňa-da çäre tapyp bilmediň…

AHWAL
Ýüregim kagyza ýara salmasa,
Ahwalyma kim düşüner, ýogsa-da.
Indi, hiç zat meni yza dolamaz
Däliräp, sil bolup çabga ýagsa-da,
Gözlärin dünýämi doldurjak zady.
Käte adamlary siňe synlasaň,
Baglanyşyklydyr dady-perýady.
Hatda meňzeş gözden gaçan damjada.
Käte öz-özümi görýärin menem,
Şindi açylmadyk näzik gunçada.
Bilbil saýramasa, aşyk bolmasa,
Gunça açylara sebäp barmyka?!
Meni tapman, gözýaş döküp bilbilim,
Sülleren del güli suwarýarmyka…

***
Gözlerimde gözleg galdy,
Sözler galdy aýdylmadyk.
Gursagymda bir syr galdy,
Söýgüdirem öýdülmedik.

Ömür galdy, oň yzlary
Ýaşaýyşa meňzemeýär.
Ähli gamgyn ýatlamany
Guýup gaýtdyk deňzemi ýa?!

Umman döräpdir düýnümde,
Müýnler üýşüpdir, joşup dur.
Sähel kalbym ynjadygy
Olar serhetden aşyp dur.

Kenara zyňlan balyk deý,
Bir ýerde duranok kalbym.
Bilýän, senem meniňki däl,
Ömrümem karzyna aldym.

ÖZELENMEK
Maňa “dem alma” diý,
Ýok, “ýaşama” diý,
Men bularyň ählisine kaýylam.
Men bir-ä seň gara gözleň aşygy,
Birem dünýäň şygyrlarna maýylam.

Ýüregimi ikä böldüm, bir taýy
Şygyrlamda,
Ikinjisi gözleňde.
Ikisini birleşdirmesem eger,
Ýokdur maňa bu bolşumdan özgerme.

Ah, jansyz jemendä öwrüljegimi
Bilip durkaň “ýazmagyňy kes” diýme.
Haýyş, maňa “bes” diýme.

Goý, ýarasyn il derdine
Derdimden çykarsyn meni,
Sazlaşykly sözleň jemi.

Aýjahan ANNABAÝEWA.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu