Gadym eýýamlarda bir güýçli odunçy agaç satýan kişiden özüne iş sorapdyr we ol işe alnypdyr. Onuň alan işem, şol işiň girdejisem gowy ekeni. Şonuň üçin odunçy elinden gelenini aýaman işläpdir. Hojaýyny oňa palta beripdir we işlemeli ýerini görkezipdir. Odunçy gaýrat bilen işläp birinji gün on sekiz agaç çapyp getiripdir. Hojaýyny oňa: “Berekella! Işiňi şeýdip dowam ediber!” diýipdir. Hojaýynynyň bu aýdanlaryndan ruhlanan odunçy ertesi gün has-da gaýratly işläpdir. Ýöne ol diňe on bäş agaç çapyp getiripdir we bu ýagdaýdan biraz utanypdyr. Üçülenji gün has köp çapaýyn diýip güýjünde baryny edip işläpdir. Ýöne diňe on agaç çapyp getiripdir. Şeýdip, onuň her gün çapyp getiren agaç sany has-da azalmaga başlapdyr.
“Güýjüm, kuwwatym azalanok, ýöne näme üçindir çapýan agaçlarymyň sany azalýarka?!” diýip, odunçy oýlanypdyr we hojaýynyndan gidip ötünç sorapdyr. Köp işleýändigini, ýöne çapýan agaçlarynyň sanynyň azalýandygyny, munuň sebäbini hem bilmeýändigini aýdypdyr. Hojaýyny ondan paltany soňky gezek haçan çarhlandygyny sorapdyr.
“Çarhlamakmy?! Men odun çapmak bilen şeýle bir meşgul bolupdyryn welin, paltany çarhlamak kelläme-de gelmändir” diýip, odunçy jogap beripdir.
Durmuşda hemişe şol bir işi etmek bilen meşgul bolmak ýa-da köp işlemek üstünlik üçin ýeterlik däl. Durmuşda özüňizi kämilleşdirmek we has-da kämil bolmak üçin näme etmelidigiňizi-de öwrenmek gerek! Ýagny, durmuşda öz şahsy paltaňyzy çarhlap durmalysyňyz!
Taýýarlan Gunça MÄMMETJUMAÝEWA,
Halaç etrabynyň 37-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.
ajaýyp