Siziň üçin...Slider

Bular — BAGTYŇ SYRY

08-06-2022 / 16

Durmuşda bagtly bolmak üçin gaty kän bir zat hem gerek däl.Onuň üçin durmuşyňyzdaky ownujak zatlara hem üns bermeli. Durmuş bilen göreşeniňizde özüňizi göwnüçökgün duýsaňyz, töweregiňizdäki gözellikleri duýup bilmersiňiz. Diňe bir aýratyn belli senelerde däl, adaty günlerde hem bagtly bolmak üçin şu düzgünleri endik edinmegiňiz zerurdyr.

1-nji düzgün — ir oýanmak

Köp adamlar ir oýanmagy halamaýar, ýöne bagtyň günüň ir başlamagy bilen köp baglanyşykly tarapy bardyr. Irden turanyňyzda ilki bilen penjiräňizi açyň we günüň ilkinji sagatlaryndan lezzet alyň, şonda gowy duýgulary başdan geçirip bilersiňiz. Soňra ähli işleriňizi meýilleşdirip, ýan depderçäňize bellik edip hem bilersiňiz.

2-nji düzgün — ýeňil ylgaw

Ir säher bilen ýeňil ýöriş geçirmek beden saglygy üçin örän peýdalydyr. Gysga gezelenç etmek Gün şöhlesiniň astynda arassa howada keýpiňi ýokarlandyrýar, şeýle hem stresden dynmaga kömek edýär. Her gün 30 — 45 minut ýöremek myşsalaryňyzyň ýeňil hereketlenmegine kömek eder. Daş-töweregiňizdäki gözellikleri synlaň we irdenki ylgawy ýerine ýetiriň.

3-nji düzgün — söýýän adamlaryňyz bilen gürrüňdeş boluň

Günüň dowamynda söýýän adamlaryňyz bilen söhbetdeş boluň. Olar size ruhy taýdan goldaw berer. Olaryň sesini eşidip durmak siziň güýjüňizi artdyrar. Şol sebäpli hemişe ýakynlaryňyza wagt tapyň.Ýakynlaryňyz size bahasyna ýetip bolmajak täsirli bagt duýgusyny eçiler.

4-nji düzgün — kitap okaň

Okamak her wagt sizi rahatlandyrar. Kitap okap köp zada düşünip bilersiňiz. Kitap size durmuş, bagt barada dürli garaýyşlary hödürlär we yzy üzülmeýän aladalardan gorar.

Mukam BATYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu