Habarlar

«Apple»-den garaşylmadyk karar!

07-06-2022 / 9

«iPod» aýdym-saz söýüjiler üçin aýrylmaz hasaplanýardy. Emma häzirki wagtda öňki ýagdaýy bilen deňeşdirilende ähmiýetini ýitirdi. «Apple Inc» göçme aýdym-saz enjamy bolan «iPod»-yň önümçilik işini bes edendigini habar berdi.

«Apple»-iň marketing boýunça uly wise-prezidenti Greg Joswiak «iPod»-yň iň soňky modeli «iPod touch»-yň mundan beýläk öndürilmejekdigini, «iPod»-yň aýdym-saz bilen bagly aýratynlyklaryny birleşdirýän beýleki önümler bilen iş salyşjakdygyny aýtdy.

Kompaniýanyň bu karary 2001-nji ýylda başlanan göçme aýdym-saz enjamlarynyň döwrüniň gutarandygyny görkezýän bolsa-da, «Apple» «iPod touch»-yň önümçiligi üçin sarp edilýän önümleriň gutarýança satuwa çykjakdygyny mälim etdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu