
«Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýleni. Çaganyň ýüzüňi gyzartjak hereketleri etmezligi üçin bolsa terbiýe meselesi möhüm bolup durýar. Ýagşy terbiýe ― çaganyň ömür ýoluna ýoldaş boljak baýlygydyr, maşgala dowamatynyň gymmatydyr.
Terbiýäniň ýagşysy göreldedir. Ilki özüň hereketiň, bolşuň bilen çaga ýagşy görelde görkezseň, entek beýnisi bekemedik çaga seniň hereketiňe eýerjek bolýar. Dünýä psihologlarynyň aýtmaklaryna görä, çaganyň jemgyýete peýdaly kişi bolup ýetişmeginde aslyýetiniň hem orny uly, emma çaga 3 ýaşdan 10 ýaş aralygynda ata-enesiniň göreldesine eýerýär, 10 ýaşdan soň bolsa onda daş-töwerekdäki bolup geçýän ýagdaýlardan baş çykarmak islegi oýanýar we gurşap alýan adamlardan görelde almaga ýykgyn edýär.
Häzirki wagtda tomusky dynç alyş möwsüminiň gyzgalaňly döwri dowam edýär. Bu tapgyrda ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde iň gyzykly pursatlar bolup geçýär.
Ýurdumyz — bagtly çagalygyň mekany. Ýylyň dowamynda bilim-sowadyny döwrebap usulda baýlaşdyrýan eziz körpeler, mekdep okuwçylary dynç alyş günlerini ýurdumyzyň çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde şadyýan geçirýärler. Bagtly çagalyk ― bagtly geljegiň kepili. Goý, asuda asmanymyzyň astynda, parahat Zeminimiziň üstünde gaýnap-joşýan bagtly durmuşyň bady hiç wagt gowşamasyn!
Şeker ORAZOWA,
Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.