Belki, bu surata haýsydyr bir internet çeşmesinde gabat gelensiňiz?! Bu hakda hiç hili maglumat bilmeýän bolsaňyz hem geň däl. Eýsem, äýnekli syçanyň DNK dokaýan heýkeliniň düýp mazmunynda haýsydyr bir filosofiýa ýatana meňzeýärmi?!
2013-nji ýylyň 1-nji iýulynda Russiýada CO PAN-nyň Sitologiýa we genetika institutynyň SPF-wiwariýanyň öňünde granit sütüninde DNK dokaýan äýnekli syçanyň bürünçden heýkeli guruldy. Syçanyň çeper keşbini suratkeş Andreý Harkewiçiň döreden ondan gowrak eskizinden saýladylar. Soňra heýkeltaraş Alekseý Agrikolýanskiý şol eskize görä barlaghana syçanynyň heýkelini gurdy. Sitologiýa we genetika institutynyň alymlary şol institut döredilen gününden bäri, has takygy 56 ýylyň dowamynda öýjük bilen baglanyşykly barlaglarda syçany peýdalanypdyrlar. Şol sebäpli heýkel ICG SB RAS-nyň buýrugy bilen guruldy. Bu ýadygärlik heýkel alymlaryň tejribelerinde ulanýan haýwanlaryna hormatydyr. Barlaghana syçanjygy açyk howa genetikasynyň taryhy muzeýiniň merkezinde ýerleşýär we ol şäherde täsin gahrymana öwrüldi.
Heýkelde diňe bir barlaghana syçanjygy bolman, onda iki keşp ýerleşdirilen. Ýagny alymyň we syçanjygyň keşbi. Alymyň keşbiniň syçanjygyň suduryna ýerleşdirilmeginiň esasy sebäbi “Syçansyz Alym DNK dilini öwrenip bilmez” diýmekdir.
Bibijan MYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.