Habarlar

Aziýa çempionaty: ikinji günde 5 medal

07-06-2022 / 17

Liwanyň Juniýa şäherinde dowam edýän sambo boýunça Aziýa çempionatynyň ikinji güni Türkmenistanyň samboçylary bäş sany ‒ bir altyn we dört bürünç medal gazandylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Babajan Ibadullaýew Aziýanyň çempiony boldy. Alty samboçynyň çykyş edýän 98 kg ýokary agyrlyk toparynda bu ady gazanmak üçin, türkmenistanly 29 ýaşly türgene jemi 3 minutdan artyk wagt gerek bolmady. Şowly bije atyşlyk netijesinde ýarym final bolan ilkinji göreşde ol 1 minut 26 sekuntda özbegistanly Alim Murtazakulowy wagtyndan öň ýeňdi, finalda bolsa 56 sekuntda gyrgyzystanly Talasbek Nuralyýewden üstün çykdy.

Bürünç baýraga Meýlis Nyýazmeňliýew (64 kg çenli), Muhammetnyýaz Gurbandurdyýew (71 kg çenli), Rüsdem Penjiýew (79 kg çenli) we Çarymyrat Annagurbanow (98 kg çenli) mynasyp boldular.

Ýaryşlaryň iki gününiň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň topary 10 (2 sany altyn, 2 sany kümüş we 6 sany bürünç) medal bilen medal hasaby boýunça dördünji ýeri eýeleýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu