Türkmen halk sazynyň her biri köp dürli owaz kökenleriniň bitewüliginde uly saz eserlerini kemala getiripdir. Eýsem, muňa sazyň gudraty diýmän näme diýjek?!
Hawa, ähli ruhy hallary sazyň gudratly güýjünden susup alýan türkmen halkymyz köňle laýyk zada: «Saz bolupdyr» diýýändir. Halkymyzyň beýik sadalygynyň özi şu goýazy düşünjeden gözbaş alýar. Türkmen sazlaryny öwreniji W.Uspenskiý dutara: «Dünýäde iň çylşyrymly sazlary çalýan iň sada saz guraly» diýende-de, halkymyzyň saz sungaty bilen bitewüleşýän milli pelsepesini nazarlan bolmaly. Aslynda, ençeme zatlaryň mukama meňzeşligi üçin ynsan kalbyna ýakyn duýulýan bolmaly. Üç-dört ýyl mundan öňräkdi, gazetimizde çap etdirmek maksady bilen, bir zergär bilen söhbetdeş bolupdym. Ol şonda dünýämiziň durky, görkli gelin-gyzlarymyzyň şaý-seplerindäki düwmeleriň hem aslynda sazlanýandygyny, olaryň sazlaşykly owazlanýandygyny aýtdy. Şonuň üçin ol saba-säherlerde ýa-da agşamlaryna jahanyň asuda wagtynda işlemegi halaýandygyny gürrüň berende, bu sazly dünýäniň gudratyna haýran galypdym. Goşgynyň döreýşinde-de owazyň täsiriniň bolandygy hakynda bir rowaýatda okapdym. Özünde näme üýtgeşikligiň bolup geçýänini bilmeýän bir ýigit janyna jaý tapman, baga gezelenje çykýar. Şol ýerde-de taýy özüni terk eden bir bilbiliň zaryn owazyny eşidýär. Onuň ýakymly owazy on iki süňňüni elendirýär. Birdenem, bilbiliň owazyna goşulyp, goşgy döredenini özi hem duýman galýar. Onuň süňňi ýeňläp, derdiniň nämedigine düşünýär. Diýmek, ynsana-da ilki saz bilen jan berlen bolsa, söz sungatynyň, şygryýetiň döremegine-de saz sebäp bolupdyr. Sazyň gudratly güýji hakynda mysallara näçe ýüzlenseň, ýüzlenip oturybermeli. Beýik Ýüpek ýolundan geçen kerwenleri mysal alyp göreliň. Inerleriň tas hemmesi diýen ýaly boýny jaňly bolupdyr. Kerwenbaşydan başlap, kerwene erk edýänleriň hemmesi şol jaňyň owazyny diňläp ýol geçipdirler. Olar ömürleriniň gylla ýarysyny şol owaza örklemeli bolýarlar. «Eger şol jaňlar sazlanmadyk bolsa, olar ugruny ýitiräýmezlermi?!» diýeniňi duýman galýarsyň.
Türkmeniň özüne meňzeş bu sadadan beýik simfoniýa türkmen sazlarynyň, mukamlarynyň gözbaşynyň aňyrdan gaýdýandygyndan habar berenokmy eýsem?!
Öwezgeldi DÖWRANOW,
Halaç etrabynyň Garabekewül şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy.