Liçi — Wýetnamda, Borneoda we Taýlandda ösýän miweli agaçdyr. Tegelek miweleri üzüme meňzeýän tagamly, witaminlere baý miwedir. Şol sebäpli oňa “Witamin miwesi” hem diýilýär.
Noýna — Ol “şeker alma” hökmünde tanalýar. Esasan Indoneziýa Awstraliýa we Hytaý ýaly ýurtlarda duşýar. Miwesi ownuk alma meňzeýär. 60-a çenli gara ownujak tohumlary bolýar.
Kiwano (Afrika hyýary) — Miweleri sary, mämişi ýa-da gyzyl bolýar . Miwesiniň daşyndaky gabygy özboluşly — uçly tiken şekilliligi bilen haýran galdyrýar. Onuň etlek bölegi süýjümtik-turşy bolup, ol hyýary ýadyňa salýar.
Jabotaсaba — Bu täsin miweli agajy synlap, onuň miwelerini bu agajyň kömelekleri diýip aýdyp bolýar. Aslynda, bular erik tagamly gara reňkli togalak şekilli miwedir.
Maýagözel BEGMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.