PsihologiýaSlider

Sen nähili uklaýanyňy aýt!

06-06-2022 / 224

Nýu-Ýorkly doktor Dankel uklaýanlaryň ýatyşyny synlap, olaryň häsiýetini we durmuşda özüni alyp baryşyny bilmek boljakdygyny öz gözegçiliklerinde kesgitläpdir we şeýle netijä gelipdir:

  1. Eger-de adam garnyna ýassygy gysyp, büküdip, haýsy hem bolsa bir egnine ýatýan bolsa, ol durmuşda gowşak we nalajedeýin. Elmydama özünden güýçlüden hemaýata we ýardama mätäç.
  2. Eger-de uklaýan çalaja büküdip, ellerini, aýaklaryny hem ýaýradyp, ýöne gapdalyna ýatýan bolsa, onda ol durnukly, parahat we her bir ýagdaýa tiz uýgunlaşmagy başarýan adam.
  3. Ýeňsesine ýatýan adamlaryň ukusy ýaramaz, olary durmuş läliksiredenok we olar islendik minutda oýanmaga hem-de hakykatyň ýowuzlyklaryna taýýar.
  4. Arkanlygyna ýatýan adamlar gündelik durmuşda özüne ynanýarlar, olar güýçli, arkaýyn töwerekdäkileriň arasynda özüni has dogumly hasaplaýar. Esasan, şeýle ýagdaýda maşgalada hemmäniň üns merkezinde bolan çagalar uklaýarlar.
  5. Käbir adamlar hamala turup, bir ýana ugrabermekçi ýaly aýaklaryny krowatdan aşak sallap uklaýarlar. Bu näme boldugy? Bu adamlar hakyky durmuşda hem mydama hasanaklap ýörendirler. Käbir adamlar bir aýagyny beýleki aýagynyň üstüne atyp uklaýarlar. Bu uklap ýatanyň biynjalykdygyndan, töwerekde bolup geçýän zatlardan baş çykaryp bilmän aljyraýandygyndan habar berýär.
  6. Kellesini ýorgana gaýym büräp, zordan burnunyň ujuny görkezip ýatýan adamlar durmuşda künjege bukulýarlar, olar köpçüligiň arasynda utanjaň, umuman, durmuş bilen ýüzbe-ýüz bolmaga gorkýarlar.
  7. Ýüzin ýatan adam durmuşda her hili duýdansyzlygy halamaýar, elmydama anyk we ykjam. Hiç wagt duşuşyga gijä galmaýarlar.

Umuman, adam uklanda dürli ýagdaýda ýatmagy mümkin. Emma olaryň köpüsi ozalky ýatyşyny aram-aram üýtgetmegi netijesinde bolýar. Şoňa görä-de, Dankeliň gözegçilikleri hernäçe bilesigelijilikli bolsa-da, muňa doly ynanmak maslahat berilmeýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu