Habarlar

Daşoguz welaýatynyň häkimine berk käýinç yglan edildi

05-06-2022 / 12

4-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Hormatly Prezidentimiz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, B.Arazowy Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy we Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi şol etrabyň häkiminiň orunbasary G.Baýramdurdyýewiň üstüne ýükledi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu