Habarlar

E.Orazgeldiýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy

05-06-2022 / 8

4-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňläp, oba hojalyk toplumyna ýolbaşçylyk etmek boýunça öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmegi başarmaýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet strategiýasynyň pes derejede durmuşa geçirilýändigini, bu pudagyň esasy wezipeleriniň esasy oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmakdan ybaratdygyny nygtady.

Oba hojalyk pudagynyň umumy maliýe ýagdaýy kanagatlanarsyz ýagdaýda bolmagynda galýar. Milli ykdysadyýetiň bu esasy pudagynda düýpli özgertmeleri geçirmäge gönükdirilýän düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilişi hem şu döwürde kanagatlanarly däl diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk medeniýetini ýokarlandyrmaga az üns berilýändigini, ýerli toprak-howa şertlerini nazara alyp, işlenip taýýarlanan, ylmy taýdan esaslandyrylan oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny giňden ornaşdyrmaga hem ýeterlik üns berilmeýändigini belläp, ýurdumyzyň oba hojalygyny we ilatly ýerlerini suw bilen üpjün etmegi gowulandyrmak meseleleriniň ýaramaz çözülýändigini nygtady.

Suw serişdelerini rejeli ulanmaga, oba hojalyk ekinleri ekilýän ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga we topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmäge, şeýle hem zeýkeş akabalaryny arassalamaga hem ýeterlik derejede üns berilmedi. Bu kemçilikleriň ählisi Daşoguz welaýatyndaky ýagdaýda anyk ýüze çykdy. Bu welaýatda gowaça ekmek boýunça meýilnama hem bellenen möhletinde ýerine ýetirilmedi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow E.Orazgeldiýewi işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine A.Ýazmyradowy belläp, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini habar berdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu