PsihologiýaSlider

Ynsan göwni söz bilen dikelýär

Hoş sözlerde gudrat bar

05-06-2022 / 31

Il arasynda «Göz-öwülýä, söz-keramat» diýen ýörgünli aýtgy bar.  Söz ynsan ruhuna täsir edýän keramatlaryň biri hasap edilýär. Sözüň gadyr-gymmaty, hümmeti ýa-da bijaý ýaňzydylan sözüň ynsan başyna getirip biljek apaty, ýetirip biljek zyýany hakda juda köp zatlar aýdylypdyr.

Aslynda, sözüň her kime edýän anyk täsirini bilmek, kesgitlemek üçin her kim öz durmuşyny göz öňüne getirip biler. Birje söz arkaly bir ýüregi şatlyk bilen dolduran wagtlarymyzam, sähel ýerine düşmedik birje söz zerarly, bir göwni ýykan wagtlarymyz hem bolandyr. Şonuň üçin ata-babalarymyz öz perzentleriniň dogry, ýagşy we süýji sözli bolmaklary üçin bu ugurdaky edep sapaklaryny turuwbaşdan çaga terbiýesine mäkäm ornaşdyrypdyrlar. Hoş sözleri, ýakymly jümleleri ýaňzytdygyça, ynsanyň işleriniň ugrugyp gidýändigini, göwnüniň giňeýändigini, özüniň ruhubelent bolýandygyny düşündiripdirler. Gödek sözli, gyňyr bakyşly adamlar bilen gatnaşmak meselesinde kynçylyk çekjekdigini pugta gulaklaryna guýupdyrlar.  Ýaşlykdan diliňi ýagşy sözlere endik etdirseň, süýji sözlülik her bir adama  abraý we hormat getirýär.  Söz bilen ynsanyň göwnüni dikeltmek ýaly uly sogap ýokdur.

Islendik bir manyny dürli röwüşde, dürli äheňde beýan edip bolýar. Şonuň üçin köpçülik bilen gürleşmekde özüňizi biraz gödeksi, zoňtar alyp barýan bolsaňyz, haýal etmän, dessine mylakatly gürlemäge endik etmek, sözleýiş hörpüni üýtgetmek maslahat berilýär. Häsiýet, hereket üýtgände, netije hem üýtgeýär. Gowy häsiýet hemişe gowy netijäni hasyl edýär. Süýji sözlülik gursaklarda, ýüreklerde ýakymly yz galdyrýar. Durmuş kyssalarynyň birinde şeýle waka teswirlenýär: «Mylakatlylyk hemişe we hemme ýerde gerek. Hoşamaý söz köp zatlaryň öz-özünden düzelip gitmegine, has-da kämilleşmegine sebäp bolýar. Eger-de sen işden aryp geleniňde, öňüňde goýlan nahara at daksaň, «onuň duzy ýuwan bolupdyr ýa-da artyk düşüpdir» diýseň, (hat-da munuň şol gezek şeýle bolandygyna garamazdan), öý bikesiniň şol nahary taýýarlamak üçin sarp eden yhlasyna, wagtyna we zähmetine at dakdygyňdyr. Oňa derek: «Tüweleme, nahar tagamly bolupdyr» diýseň, hem biriniň zähmetine mynasyp baha berdigiň, hem-de bir göwni awlap bildigiň bolar. Diňe şol ýakymly sözüň täsiri onuň indiki etjek işlerine has-da yhlaslylyk gatar» diýilýär.

Saňa ýagşylyk edýän biri ýa-da iň bolmanda ýagşylyk etmäge ymtylýan biri senden hoşamaý söz eşitmese, onuň yhlasyna sowuklyk aralaşmagy mümkin. Ýakymly sözler ynsanyň özüne bolan ynamy berkidýän möhüm zatlaryň biridir. Hat-da çagalara berilýän terbiýe-de hem «Sen pylanyça ýok» diýmegiň asla kabul ederlikli däldigi, çünki bu sözüň çaganyň özüne bolan ynamyny gowşadýandygy öňe sürülýär. Muňa derek ony kimdir biri bilen deňeşdirmekden gaça durup: «Tüweleme, şu wagt şunça işi başarýan bolsaň, geljekde sen hasam ökdelärsiň» diýseňiz, soňlugy bilen şol çaganyň has köp işlere hötde geljekdigi nygtalýar. Sözleýişiň inçe tärlerini ulanyp, ynsanlaryň edýän işlerine mynasyp baha beriň, goý, olar şol işlerine has-da höwesli çemeleşsinler, has-da işjanly ýapyşsynlar, ýene-de dowam etsinler.

Aýnur ARTYKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu