Edil myşsa ýaly bol. Ilki ony türgenleşdir, onuň ilki agyryly bolmagy, öz häsiýetiň ösmegi üçin peýdaly ýoldur. Haçan-da kyn bir tejribäni amala aşyrmaga ýakynlaşsaň, kelläň hem şol wagt garyşyk bolsa, onda iň gowy žurnaldyr gazetlerden iň soňky sanyny al-da arakesme et ýa-da dostlaryň bilen söhbetdeş bol. Bu seniň ünsüňi ýene-de bir ýere jemlemäge ýardam berer. Dünýäniň görnükli fizikleriniň biri bolan Isaak Nýuton hem şeýle belläp geçýär: «Meniň her bir eden beýik işlerim sabyrly pikirlenmelerimiň netijesidir.» Nýutonyň ajaýyp häsiýetleriniň biri hem onuň uzak wagtlap arakesmesiz ümsüm pikirlenip oturmagynda bolupdyr. Bu zatlary ol başaran bolsa, onda siz hem başararsyňyz.
***
Az gürle, 60/40 düzgüninden peýdalan. Wagtyň 60%-ini diňläp geçir, galan 40%-ini bolsa gürrüňdeş bol. Sen sabyrlylygyň bilen öz ýolbaşçylygyňda güýçli we berk binýadyňy gurup bilersiň. Bu seni diňe bir üstünlige eltmän, eýsem söhbetdeşiň barada birnäçe zatlary öwrenmäge hem mümkinçilik döreder. Gybatdan daşda dur, käbirleriniň goýberen ýalňyşlyklaryny ýazgarma.
***
Ýokary derejeli wagt dolandyryjysy bolmaga synanyş. Hepdede 168 sagat bar. Bu bolsa siziň meýilleşdirýän üstünlikleriňize ýetmek üçin ýeterlik wagt. Wagtyňy dogry we netijeli peýdalan. Her gün irden öz mümkinçilikleriňe görä şu günüň meýilnamasyny düz. Hiç haçan has wajyp zatlaryň ýerini kän wajyp däl zatlaryň ýerine çalyşma.
***
Närazylygyňy bes et-de, göwni açyk, işjeň we güýçli şahs bolmaga çalyş. Sen beýlekilere görelde bolmalysyň.
***
Haçan-da kelläňe erbet pikirler aralaşsa, onda sen oňat zatlar barada pikir et. Çünki gowy pikirler elmydama erbet pikirlerden üstün çykýar we sen ýene-de gowy zatlar barada pikirlenmegi dowam edersiň. Özüňi gerekmejek pikirlerden azat et we oňat zatlary pikirlenýän güýçli şahs bol.
***
Ünsüňi bir ýere jemleme ukybyňy ösdürmek isleseň, ýörän wagtyň ädimleriňi sana. Bu örän gowy usuldyr. Her 6 ädimden uludan demiňi al we soňky 6 ädimiň dowamynda demiňi goýber. Demini yzyna goýbermek üçin 6 ädim örän uzak bolmagyna seretmezden, munuň netijesinde özüňi oňaýly duýarsyň. Sen bu maşkdan soňra düşünjeleriň täzelenmegini, içki dünýäň ümsümligini we ünsüň bir ýere jemlenmegini gazanarsyň. Köp adamlar özüniň iş-aladalary, gaýgylary bilen beýnisini doldurýarlar. Arassa aň, içki dünýäniň ümsümligi we ünsüň bir ýere jemlenmegi üçin şular ýaly maşklaryň ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.
Taýýarlan Abdyjepbar ABDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.