Siziň üçin...Slider

Gadymy pullaryň taryhyndan

04-06-2022 / 19

Biz altyn we kümüş pullar baradaky ilkinji maglumatlara gadymy Müsür kanunlarynda, Hindistanyň dini kitaplarynda hem-de Bibliýada duş gelýäris.

Kümüş pullar biziň eramyzdan öňki II we III müňýyllyga çenli Hytaýda, Eýranda we Mesopotamiýada giňden ýaýrapdyr. Adatça, metal pullar özleriniň haryt görnüşini saklapdyrlar. Demir pullar köp wagtyň dowamynda kätmen, pil, sim, nal, çüý, zynjyra meňzeş görnüşlerde, kümüş we altyn pullar bolsa hünji, ýüzük, altyn owuntygy, balyk tutulýan kümüş halkalaryň görnüşinde bolupdyr.

Maglumatlara görä, ilkinji altyn teňňeler hindi şasy Gigese degişli hasaplanylypdyr. Özüniň şekilini ilkinji pula salan şahsyýet bolsa Aleksandr Makedonskiýdir. Şeýle hem, teňňeleriň atlarynyň birnäçesi uzak wagtyň dowamynda agramynyň esasynda gelip çykypdyr.

Teňňäniň ýüze çykmagy puluň döremeginiň jemleýji döwri bolup durýar. Teňňe bir tarapdan haryt önümçiliginiň we alyş-çalşygyň ösüşiniň netijesi bolsa, başga bir tarapdan gul eýeçilik döwletiniň ykdysady we syýasy kuwwatynyň güýçlenýändigini aňladypdyr.

Teňňe – pul önümçilik gatnaşyklarynyň esasy bölegi bolup durýar. Haryt we pul utgaşyklydyr, ýagny olaryň gelip çykyşy umumydyr. Eger harytlar aýlanşyk gurşawynda wagtlaýyn bolsalar, onda pullar ol gurşawyň hemişelik hemrasydyr. Olaryň tebigaty bu babatda harydyň tebigatyndan tapawutlanýar.

Bekmyrat MÄMMETSEÝIDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu