Siziň nerw sistemalaryňyz nähili? Fransuzlaryň “Ell” atly hepdede bir gezek çykýan žurnaly size nerwleriňizi barlamagy teklip edýär. Berilýän sowallara jogap beriň:
- Jaýdan çykanyňyzda, gapyny bat bilen ýapýarsyňyzmy?
- Otagda ýerleşdirilen mebeller gaharyňyzy getirýärmi? Gezim edýärkäňiz, şolara büdreýärsiňizmi?
- Jedelleşeniňizde gaharyňyz gelýärmi?
- Gürrüňdeşiňiziň sözüni bölmän diňläp bilýärsiňizmi?
- Gepläniňizde eliňizi galgadýarsyňyzmy?
- Barmaklaryňyzyň ujunda kagyz bölegini titretmän saklap bilýärsiňizmi?
- Käwagt öz-özüňiz bilen gürleşýärsiňizmi?
- Ýönekeý zat üçin öýkeleýärsiňizmi?
- Ýeriňize girip, uzak wagtlap uklap bilmeýärsiňizmi?
Şeýlelik bilen, siz dokuz sany “hawa” toplan bolsaňyz, siziň nerw ulgamyňyz ähli serhetden geçipdir.
Şeýle bolanynda, öz saglygyňyzy ele almaga howlugyň. Ýogsa siz özüňizem, goňşy-golamlaryňyzyňam durmuşyny zaýalarsyňyz.
Eger ýedi sany “hawa” toplan bolsaňyz, “gaharjaňlyk” diýen zadyň alamatydyr. Bu hem sizi ýagşylygyň üstünden eltmez.
Eger üç ýa-da ondanam az “hawa” toplasaňyz, siziň nerwleriňiz ýerli ýerinde.
«TürkmenGazet».