2-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw binasynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I ýarym final oýny geçirildi. Bäsleşigiň bu gezekki oýny «Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» eserinde öňe süren baş pikirleri we öwüt nesihatlary» atly mowzuga bagyşlanyldy.
Däp bolşy ýaly, I ýarym final oýny akyl-paýhas bäsleşigi üçin ýörite gurlan Ak öýde geçirildi. Bäsleşiginiň I ýarym final oýnuna Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurana Hudaýberdiýewa, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Arazjemal Öwezowa, Kadyrmyrat Öwezgylyjow, Aýjeren Annageldiýewa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Täçjemal Pirliýewa, Aşgabat şäheriniň 21-nji okuw-terbiýeçilik orta mekdebiniň 10-njy okuwçysy Orazjemal Çaryýarowa, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsanperwer ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Meýlisowa dagy gatnaşdylar.
I ýarym final oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dosenti, tehniki ylymlarynyň kandidaty, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Çary Nyýazow, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary Akmyrat Rejebow dagy adalatly eminlik etdiler.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň netijeleri boýunça Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurana Hudaýberdiýewa, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kadyrmyrat Öwezgylyjow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Meýlisowa dagy ýeňiji bolup, olar bäsleşigiň final oýnuna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine, şeýle-de oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de beýleki hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanan gymmatbahaly sowgatlar, institutymyzyň degişli şahadatnamalary we Hormat hatlary gowşuryldy.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.