Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni mynasybetli türkmen halkyny gutlady.
Gutlagda bellenilişi ýaly: «Bütindünýä welosiped güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şoňa görä-de, dünýä bileleşigi bilen bilelikde eziz Diýarymyzda tomus paslynyň ilkinji günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň geçirilmegi sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrýar».
«TürkmenGazet».