3-nji iýun – Bütindünýä welosiped güni. Bu halkara sene biziň ýurdumyzda aýratyn dabara bilen garşylanylýar. Munuň hem özüne ýetesi sebäbi bar. Adatça, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen halkara günler bilen gyzyklanýan adamlar, ilki bilen, şol senäniň döreýiş taryhy bilen bagly maglumatlary gözleýärler. Bütindünýä welosiped gününiň taryhy bolsa Türkmenistan bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki hut biziň ata Watanymyz – Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Bütindünýä welosiped güni baradaky Rezolýusiýa kabul edildi. Biz hem ähli ildeşlerimizi bu şanly sene bilen mübärekläp, siziň yzygiderli welosiped sürmegiňize sebäp boljak käbir maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
Welosiped sürýän adam sagatda, ortaça, 600 kilokaloriýa ýakýar. Bu bolsa häzirki zaman jemgyýetinde ynsanlaryň iň köp ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň biri – semremegiň öňüni alýar.
***
Welosiped gezelenç etmek adamyň şähdini açýar, ruhubelent, dury pikirli bolmagyna getirýär. Şeýle-de tigir sürmek sussupeslik, aşa ýadawlyk, ysgynsyzlyk ýaly birnäçe dertlerden uzakda bolmaga hem ýardam edýär.
***
Wakalaryň we ýagdaýlaryň ýyldyrym çaltlygyndaky hereketi beýnimiziň işini kynlaşdyryp, nerw ulgamynyň dürli näsazlyklarynyň döremegine getirýär. Şolaryň arasynda köp duşýanlarynyň biri hem ukynyň bozulmagydyr. Lukmanlar gijelerine ukysyzlykdan ejir çekýän adamlar üçin iň gowy çykalganyň günde 1-2 sagat welosipedde gezim etmekdigini nygtaýarlar.
***
Yzygiderli ýagdaýda welosiped sürmek bedendäki madda çalşygyny gowulandyrýar. Munuň netijesinde bolsa organizmiň kesellere garşy durnuklylygy, ýagny immuniteti güýçlenýär.
***
Eger-de siziň işiňiz hemişe täze gözleglerde bolmagy talap edýän bolsa, onda hökmany suratda welosiped ediniň. Sebäbi welosipedli gezelenç adamyň ruhuny göterip, özüne bolan ynamyny artdyrýar we döredijilik ukybyny ösdürýär.
Agamyrat MYRADOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.