Göwün küýsegiSlider

Durmuş – adamlardan düzülen goşgy

Şahyr Mukam Muhamowyň kalplardan mynasyp orun tapýan goşgularyndan ganma ýok

02-06-2022 / 56

KAPYÝAM
        
Ýaz ýaňaklym, güýzüm ýaly sada sen,
Tomus mähriň gyş deý açar göwnümi.
Ýygrylsaň  ýyldyrym urar dünýämi,
Ýylgyrsaň duýguçyl dünýäň göwrümi
giňän ýaly, gaýyp bolup gözýetim,
Ähli ýerde görerin men dideleň.
Ynan,ynanmasaň syna-da göräý,
Barkaň bagtym özge ýerden idemen.

Bir sen belet bir sen diýýän ýüregme,
Bir sen sebäp çemen eýlän güllerme.
Ökünmerin  saňa soňsuz hat ýazyp,
Uky bilen öýkeleşen günlerme.

Gözüň ugratmasyn hiç ýere meni,
Eliň hoşlaşmasyn, bagtdan galgasyn.
Duşundan geçirip durmuş otlusyn,
Bagtymyz bihabar ýatyp galmasyn.

Ganmasyn gözlerim bakyp roýuňa,
Ygraryň  sönmesin beren wadaňa.
Özüň sebäp munda meniň saglygma,
Saglygyňa  meý guýsam-da badama.
Seniň bilen artar kalbymyň yşky
Sen bolaňsoň howlugamok bakyýa
Durmuş – adamlardan düzülen goşgy
Bu goşguda bir sen maňa kapyýa!

 
SALGYŇY GOÝUP GIT

Kalbyma kök uran umydym bardy,
Ýokardady arzuwlarym bulutdan
Señ şalygyñ bardy göwnümde, Emma,
Neçüýn baryn ýele zyñdyñ, unutdyñ?

Umydymy şemal öçürdi eýýäm,
Arzuwlarmyñ boýy barmagym ýaly.
Gideñde salgyñy goýup git, dünýäm, 
Hatda azaşybam barmazym ýaly!

KAKA

Kaka, durmuş kyn ekeni çakymdan,
Çaldy maña señ çalmadyk şarpygyñ.
Iñ ynamdar adamlamdan çakyldym,
Öwrendim parhyny çäjiñ- harpygyñ.

Büdredim, turmagy öwrendim bada,
Diñmegi öwrendim aglanymdan soñ.
Gülmegi öwrendim ýanamda, ýa-da,
boýnumda kemendi añlanymdan soñ.

Emendi duýgulam bolup elem-tas,
Çar tarapa nazar dikdim delmurup.
Şeýdip ýekelige höwrükdim men has,
Galam çekdi gussalarmy deñ durup.

Diýip, dünýäñ synaglarna döz geler,
Sen menden özüñi gözlän ekeniñ.
“Durmuş kyndyr” diýeninde özgeler,
Ejizje ogluña dözmän ekeniñ!

Günler bir-de ýasalan deý ýakymdan,
Kä girdaba eltýän sa:l eken, kaka!
Ýöne, durmuş ýowuz eken çakymdan,
Sen ýaly dözümsiz däl eken, kaka!

Mukam MUHAMOW.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu