
Şu gün — 2-nji iýunda paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgünde mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy boldy. Ir säherden aýdym-saza beslenen dabara ýurdumyzyň dürli ýerlerinden dynç alşa ugradyljak çagalar, köpsanly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýerde körpe nesilleriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan şirin owazlar, çagalar folklor we tans toparlarynyň çykyşlary ýakymly pursatlary döretdi. Ertekileriň meşhur gahrymanlarynyň hem bu dabara gatnaşyp, çagalaryň şatlygyny paýlaşmagy körpe myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Çagalar we ýetginjekler köşgüniň giň howlusynda guralan sergi hem özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Şekillendiriş sungatynyň, nakgaşçylyk işleriniň sergisinde görkezilen her bir sungat eserinde bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrülen eziz Diýarymyzyň ösüşleriniň aýdyň şöhlelenmesini görmek bolýar.
Ajaýyp dabaralardan soň, «Gökderäniň aýdymyny» dillerine sena edinen körpe nesillerimiz bagtly çagalygyň mekanyna sary ýola rowana boldular.
Şu gün Türkmenistandaky çagalar sagaldyş merkezleriniň ählisinde tomusky möwsüm badalga aldy. Gökderede hem-de welaýatlarda ýerleşýän dynç alyş merkezleri dynç alýan ilkinji ýaş nesilleri kabul etdi.
«TürkmenGazet».