SliderŽurnalistiň sahypasy

Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ussat welosipedçiler

02-06-2022 / 16

Häzirki wagta çenli Ginnesiň rekordlar kitabynda transportyň dürli görnüşlerine degişli rekordlar hasaba alnandyr. Ýer ýüzüniň welosiped sürüjileri hem bu babatda çetde duranok.

Häzire çenli meşhur kitapda hasaba alnan rekordlaryň welosiped bilen baglylarynyň köpüsi Ýonas Daýhmanna degişli bolsa-da, bir sagadyň dowamynda uzak aralyga geçmeklik rekordy Ewelin Stiwensona degişlidir. Döwrüň iň bir  güýçli türgenleriniň biri bolan Stiwenson 1 sagadyň dowamynda 47 km 980  metri geçmegi başaryp, Ginnesiň rekordlar kitabyna öz adyny goşdurmagy başardy. Gürrüňi edilýän rekord 2016-njy ýylyň fewral aýynda amala aşyryldy. 26 ýaşynda welosiped sürüp başlan Ewelin bu sporta giç başlandygyna garamazdan, uly üstünlikler gazandy. Erkekleriň  arasynda bolsa bu rekord Bredli Wigginse degişlidir.

Welosipediň döreýşi barada dürli maglumatlar bar. Ýöne olaryň aglabasy ilkinji welosipediň Fransiýada ýüze çykandygyny aýdýar. Welosiped görnüşli ilkinji enjamy döredenligi üçin patent 1645-nji ýylda bir fransuz oýlap tapyjysyna berlipdir. Ýöne bu enjam häzirki welosipedden tapawutlylykda, dört tekerli bolupdyr.

1839-njy ýylda şwesiýaly Kirk Patrik Makmillanyň pedaly oýlap tapmagy bilen welosiped häzirki görnüşine ýakynlaşdyryldy. Bu pedalyň kömegi bilen welosipediň arkadaky tekerini hereketlendirmek mümkin bolupdyr. Bu ulaga «Welosipeden» diýip ilkinji at berenler fransuz doganlar Mikhaukslerdir. Olar tigri has hem kämilleşdiripdirler. Welosipedde hut häzirkisi ýaly rezin tekerleriň ulanyp başlanmagy gözbaşyny 1868-nji ýyldan alýar. Zynjyrly welosipedler taryhda ilkinji gezek 1874-nji ýylda H.J.Lewson tarapyndan ulanylypdyr.

 

1888-nji ýyl welosipediň geliş taryhynda aýratyn orun alan ýyl boldy. Mundan soň 70 ýyl töweregi kän bir özgertmeler geçirilmedi. Diňe geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda olara ýük torbajyklaryny, hereketlendirijiler ýaly goşmaça gurallary girizildi.

Mähri HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu