Smartfon dünýäsinde meşhurlygyny ýitiren «Nokia», iýun aýynyň dowamynda täze elýeterli bahadan täze modellerini hödürlemäge taýýarlanýar.
Finlýandiýanyň HMD Global saýtyndaky işini dowam etdirýän «Nokia», ýokary derejeli telefon bazarynda öz ornuny saklap bilmese-de, elýeterli smartfonlar bilen özüni tanadýar.
Ýakynda arzan bahaly modellere ünsi jemlän bu kompaniýa iýun aýynda täze modellerini görkezer. Kompaniýa iýun aýynda «Nokia G21» modelini hödürlär. «Nokia» G21 we G11 Plus modellerinden başga-da, planşetiň üstünde işleýär. «Penguin» diýip atlandyrylýan «Nokia T10» we «T20» planşetleriň býudjet taýdan amatly alternatiw bolmagyna garaşylýar.
«Nokia»-nyň üstünde işleýän enjamlary barada jikme-jik maglumat bolmasa-da, köpüsiniň şu ýylyň 24-nji iýunda yglan edilmegine garaşylýar. Senagat çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, «Nokia» ýylyň ikinji ýarymynda ýene-de üç sany telefon hödürlemegi meýilleşdirýär.
«TürkmenGazet».