Habarlar

Çagalar şadyýan baýramy garşy aldylar

01-06-2022 / 13

Şu gün – 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli  «Ýaňlansyn dünýäde çaga gülküsi» diýen at bilen köpçülikleýin baýramçylyk dabaralary geçirildi. Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähi baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän esasy merkezine öwrüldi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Medeniýet ministrligi, Aşgabat şäher häkimligi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi tarapyndan guralan çäreler çagalarda toý şatlygyny döretdi.

Dabaralarda ýaňlanan owadan aýdymdyr sazlara tans eden çagajyklar, iň söýgüli aýdymlary ýaňlananda, hemmesi agzybirlikde şowhun bilen aýdymy ýerine ýetirdiler. Dürli oýunlar, tanslar hem-de gyzykly sowal-jogap alyşmalar çagalaryň ýatkeşligini ösdürip, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Baýramçylyga ýygnanan ähli körpejeleriň gözünden ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren hormatly Prezidentimize bolan çäksiz hoşallygy görmek bolýar.

Baýramçylyk çäreleri «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde, Döwletliler köşgünde, şeýle-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň dynç alyş merkezlerinde hem ýaýbaňlandyryldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu